Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäreleri hakynda täze Düzgünnama taýýarlanylýar

  • 27.08.2022 14:01
  • 14k+

Türkmenistanda döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak babatda hereket edýän käbir kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň täze rejelenen görnüşi işlenip düzüldi. Bu barada 26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, täze Düzgünnama degişli düzümler bilen ylalaşyldy. Bu resminamanyň taslamasynda esasy düzgünleriň birnäçesi kämilleşdirildi hem-de çäreleriň görnüşleri anyklaşdyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýokary netijeleri gazanmakda maliýe ulgamynyň ösüşini, döwletiň nyrh syýasatyny kadalaşdyrýan kanunçylyk-hukuk binýady hem möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen halkara ülňülere laýyk gelýär. Bu işde maliýe gatnaşyklary babatda degişli hukuk kadalaryny ulanmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmaga, ykdysady bähbitleri goramaga mümkinçilik berýär we berk maliýe düzgün-tertibini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 


düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......