Samsung 2022-nji ýylda smartfon önümçiligini azaldar

  • 19.08.2022 22:57
  • 12k+

Samsung 2022-nji ýyl üçin strategik meýilnamasyna gaýtadan seredýär we smartfonlaryň çykarylyşynyň meýilnamasyny 300 milliondan 260 milliona çenli azaldýar diýip, Günorta Koreýanyň TheElec neşiri habar berýär.

Samsung-yň ilkibaşky önümçilik maksady 334 mln smartfondy, olaryň 284 millionyny hut öz kuwwaty bilen ýygnamagy meýilleşdirýärdi. TheElec-iň çeşmelerine görä, häzir Samsung oktýabr aýyndan noýabr aýyna çenli özbaşdak 34 mln smartfon öndürmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa ýylyň geçen çärýekleri ýa-da geçen ýyllaryň degişi döwri bilen deňeşdirilende juda azdyr.
Şu ýyl maksatly görkezijileriň peselmegi puluň hümmetiniň gaçmagy, alyjylaryň isleginiň peselmegi we ähli öndürijileriň kösenýän meselesi — ugratmakdaky kynçylyklar bilen baglydyr. TheElec-iň habar bermegine görä, kösenmedik ýeke-täk kompaniýa Apple-dir.
Samsung 2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasy sebäpli birgiden kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ähli külpetlere garamazdan, her näme-de bolsa kompaniýa 250 mln gurluşy alyjylaryna ugratmagy başardy, 2021-nji ýylda pandemiýa biraz ýatyşansoň, Samsung eýýäm 300 mln smartfon çykardy.


09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....