FIA-nyň Bütindünýä geňeşi “Formula-1-iň” täze motor düzgünnamasyny kabul etdi

  • 18.08.2022 23:26
  • 4.6k+

Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) Bütindünýä geňeşi 2026-njy ýyldan güýje girjek “Formula-1-iň” hereketlendirijileri üçin täze düzgünnamanyň tassyklanmagyna ses berdi. Bu barada FIA-nyň saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Düzgünnama laýyklykda, täze alty silindrli güýç gurluşlary ýangyjyň täze sintetiki görnüşinde işlär hem-de has köp elektrik energiýasyny ulanar. Şeýle-de, toparlaryň çykdajylaryny çäklendirýän maliýe düzüjisi ylalaşyldy.
Geňeş 2022-nji we 2023-nji ýyl möwsümleriniň tehniki düzgünnamasyna ulagyň dik yrgyldamasynyň täsirini peseltmäge we ýaryşa gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň kabul edilmegine ses berdi. Olaryň bir bölegi awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek Belgiýanyň Gran-prisinden, bir bölegi bolsa 2023-nji ýyldan başlap güýje girer.
Beýik Britaniýanyň Gran-prisindäki heläkçilikden soň FIA düzgünnama ýokarky howpsuzlyk dugasynyň berkligini ýokarlandyrmak barada düzgüni girizdi.


09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....