Alymlar ilkinji gezek yssy howa akymyna at goýdular

  • 17.08.2022 22:46
  • 28k+

Ispan alymlary 24-27-nji iýul aralygynda Sewilýada temperaturanyň Selsiýa boýunça  44,4 derejä  göterilmegine sebäp bolan yssy howa akymyna at dakdylar. Ol «Zoi» diýlip atlandyryldy diýip, Science Alert habar berýär.

Sewilýa uniwersitetiniň dosenti Hose Mariýa Martin Olalla bu - adatdan daşary temperaturalar we olaryň getirýän howpy barada jemgyýetçiligi habarly etmäge täze synanyşyk diýip belledi.
Gaý-tupanlara öz atlarynyň dakylýandygy bireýýämden bäri mälimdir. Soňky ýyllarda gyşky gomlara hem at goýmak ýoň boldy (ilkinji gezek şeýle ýagdaý 2012-nji ýylda ABŞ-da boldy). Ýöne adatdan daşary yssa at goýluşy ilkinji gezekdir.
Yssy akymy – bu häki-bir ýöne jöwzaly howa däl diýip, alymlar belleýärler.  Bu adalga – üç günden az bolmadyk wagtyň dowamynda meteostansiýalaryň azyndan 10%-niň gije-gündiziň dowamyndaky kadanyň ep-esli ýokarlanandygyny bellige almagy diýip düşünilýär.
BSGG-niň hasaplamalaryna görä, 2000-2016-njy ýyllar aralygynda adatdan daşary yssynyň täsirine sezewar bolýanlaryň sany her ýyl 125 million adam köpelipdir. Ýokary temperatura adamy heläk edip bilýär, aýratynam ol ýitileşen keselleri bolan gartaşan adamlar üçin hasam howpludyr. 


20.04.2026 16:24
6.2k+

Argentinada magellan pingwinleri eko-detektiwlere öwrüldi

Alymlar Patagoniýadaky magellan pingwinleriniň aýaklaryna ýumşak silikon bilezikleri dakdylar, bu bolsa ummanyň senagat taýdan "hemişelik himiki maddalar" bilen hapalanmagy barada maglumat toplamaga......

20.04.2026 14:38
8.8k+

Bir görseň güneşli, bir görseň ýagyş: şu hepde howa maglumaty nähili

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär....

30.03.2026 17:05
11k+

Bagt puldamy? Alymlar muňa «ýok» diýmedi

Häzirki döwürde adam üçin puluň ähmiýeti soňky 30–50 ýyldakyndan has ýokarlanypdyr. Kaliforniýa ştatyndaky uniwersitetiň professory Jin Twenge tarapyndan geçirilen täze barlaglar şeýle netijäni orta çykardy....

02.02.2026 12:45
4.6k+

Ýanwar aýynda Aşgabada düşen ygalyň mukdary iki aýlyk kadadan geçdi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ygalyň mukdarynyň kadadan artmagy hasaba alyndy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edip gelen uzak wagtlyk guraklyk döwründen soňra ýüze çykdy. Agzalan döwürde ygalyň mukdary yzygiderli kadadan pes bolup geldi...