Ulag boýunça ministrleriň maslahatynda ugurdaş sergiler guralar

  • 13.08.2022 09:27
  • 8.4k+

15-16-njy awgustda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy parom terminalynda BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen logistika» assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işleri we ýetilen sepgitleri, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalary bilen tanyşdyrarlar.

Bu barada Hökümetiň 12-nji awgustda geçirilen göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň ähli düzümleriniň işini talabalaýyk alyp barmagyň, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem-de howa menzilinde we maslahatyň geçýän ýerinde foruma bagyşlanan sergileri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.


düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......