Hytaýda 900 ýyldan gowrak wagt öň gurlan iň uzyn agaç köpri ýandy

  • 09.08.2022 08:42
  • 34k+

Hytaýda iň uzyn hasaplanýan Wanýan agaç köprüsi ýangynyň netijesinde doly ýumruldy. Oňa 900 ýyldan gowrak wagt bolupdy diýip, Şanhaýyň “Penpaý” informasion çeşmesi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Bu desga Fuszýan gündogar welaýatynyň Pinnan uýezdinde ýerleşýär. Ýangyn 6-njy awgust gijesi başlady. Häzirki wagta çenli ýangyn doly söndürildi, zyýan çeken ýok. Adatdan daşary ýagdaýyň sebäpleri bolsa derňelýär. 
Köpriniň umumy uzynlygy 98,2 metr, ini 4,7 metrdi. Ol 917 ýyl mundan ozal Sun dinastiýasynyň dolandyran döwründe (960 – 1279) guruldy. Desga 1742-nji ýylda hem ýangyny başdan geçirdi, şondan soň ol dikeldilipdi. 2006-njy ýylda köpri milli derejede goralýan obýektleriň sanawyna girizildi. Wanýan Hytaýda iň uzyn arkaly agaç köpri hasaplanýardy.


düýn 07:40
6.1k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....