Bütindünýä küşt olimpiadasy 2026-njy ýylda ilkinji gezek Özbegistanda geçiriler

  • 09.08.2022 08:44
  • 5.7k+

Duşenbe güni, 8-nji awgustda FIDE-niň Kongresinde Özbegistanyň küşt federasiýasynyň prezidenti Alişer Sadullaýew 2026-njy ýylda Bütindünýä küşt olimpiadasyny Daşkentde geçirmek barada çykyş etdi. Bu barada centralasia.media habar berýär.

Dalaşgär hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistan, Polşa we Zambiýa arza berdi. Ýöne Polşa bilen Zambiýa hökümet kepillik hatlarynyň ýoklugy sebäpli jemleýji tapgyra gatnaşyp bilmedi. 
2026-njy ýylda Bütindünýä küşt olimpiadasyny geçirmek üçin ses berişlikde ähli wekiller biragyzdan Özbegistan üçin ses berdiler.


18.04.2026 12:18
4.8k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

15.04.2026 14:03
3.4k+

Özbegistanly grossmeýster dünýäniň küşt täji üçin Gukeş Dommaraju bilen bäsleşer

Özbegistanly grossmeýster Žawohir Sindarow Kiprde geçirilýän dalaşgärleriň küşt ýaryşynda möhletinden öň ýeňiş gazandy. 9,5 utuk toplan 20 ýaşly küştçi ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda iň ýakyn......

06.04.2026 10:44
9.2k+

The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi....

24.03.2026 10:21
2.5k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...