Gazagystanly Bibisara Asaubaýewa Aziýanyň iň gowy küştçüsi boldy

  • 07.08.2022 18:26
  • 7.3k+

Gazagystanly Bibisara Asaubaýewa 2021-nji ýylda Aziýanyň iň gowy küştçüsi boldy. Bu barada türgen Hindistanda geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň habar berdi diýip, centralasia.media belleýär.

“Düýn FIDE-niň baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. 15-nji dünýä çempiony Wişwanatan Anand maňa “Zenanlaryň arasynda Aziýa-2021-iň iň gowy küştçüsi” baýragyny gowşurdy. Işimi şeýle ýokary baha mynasyp görendigi üçin FIDE sagbolsun aýdýaryn” – diýip, küştçi ýazdy.

Bibisara Asaubaýewa – zenanlaryň arasynda grossmeýster, erkekleriň arasynda halkara ussat, 2021-nji ýylda küştüň taryhynda blitz boýunça iň ýaş dünýä çempiony boldy. Şeýle-de, ol rapid boýunça dünýä çempionatynyň kümüş baýrakçysy we 2021-nji ýylda Aziýa çempionydyr.
Häzirki wagtda Bibisara Asaubaýewa Hindistandaky Bütindünýä küşt olimpiadasynda Gazagystanyň abraýyny goraýar.


03.04.2026 23:31
2.2k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

24.03.2026 10:21
2.4k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

12.03.2026 20:34
3.3k+

Astanada geçiriljek üçünji «Geljegiň oýunlarynyň» seneleri belli boldy

2026-njy ýylda Astanada meýilleşdirilen «Geljegiň oýunlary» 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçiriler. Bu barada fijital-sport ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär. Oýunlaryň maksatnamasyna sekiz sany...

07.02.2026 00:24
1.8k+

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Almaty şäherinde geçiriler. Degişli resminama Milanda Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) prezidenti Gennadiý Golowkin we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy Joan bin Hamad Al-Tani tarapyndan gol çekildi...