Apple we Google App Store bilen Google Play-den 600 müňe golaý goşundyny aýyrdy

  • 04.08.2022 20:53
  • 7.8k+

Apple bilen Google kompaniýalary öz firma onlaýn-dükanlaryny goşundylardan arasslap, giň gerimli tämizleýiş işlerini geçirdiler. Pixalate-iň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, App Store-den we Google Play-den 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde jemi 592 000 goşundy aýryldy.

Bu ýylyň birinji çärýeginde iki kompaniýanyň bilelikde aýran 220 000 sany goşundysy bilen deňeşdirilende ep-esli kändir. Aýratynam birbada 439 000 goşundyny - 2022-nji ýylyň birinji çärýegindäkiden 8652% köp goşundy aýran Apple has tapawutlandy. 
Apple-iň ikinji çärýekde dükanyndan goşundylary aýyrmagynyň esasy sebäbi köp ýyllaryň dowamynda täzeleniş bolmandy. Aýrylan goşundylaryň 64%-i azyndan iki we ondan hem kän ýylyň dowamynda täzelenmändiler. Pixalate-niň maglumatlaryna görä, Apple App Store-iň sanawyndan aýrylan goşundylaryň 31%-i konfidensiallyk syýasatyna gabat gelmeýärdi. 


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......