Fernando Alonso «Formula-1-iň» «Aston Martin» toparyna geçer

  • 02.08.2022 23:24
  • 4.5k+

«Formula-1» klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynda çykyş edýän “Aston Martin” topary “Patyşalyk ýaryşlarynyň” iki gezek çempiony ispaniýaly Fernando Alonso bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 41 ýaşly sürüji bilen köpýyllyk şertnama baglaşyldy, Alonso 2023-möwsüminden “Aston Martinde” çykyş edip başlar. 

“Meniň henizem lider bolmak ugrunda göreşmäge islegim we maksadym bar, men öwrenmäge, ösmäge we üstünlik gazanmaga ýykgyn edýän guramanyň bir bölegi bolasym gelýär” – diýip, Alonso aýtdy.

“Aston Martinde” Alonso möwsümiň ahyrynda “F1-den” gitjekdigi barada mälim eden “Formula-1-iň” dört gezek çempiony germaniýaly Sebastýan Fetteliň ornuny çalşyrar. 


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....