Hyundai Motor Group bilen Rolls-Royce Holdings (Rolls-Royce awtoulagy bilen bulaşdyrmaly däl, çünki Rolls-Royce Holding awiasiýa, gämiler, energiýa bilen işleýän enjamlar we ş.m. üçin şaý toplumlaryny çykarmak bilen meşgullanýar) awtoulag kompaniýasy özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekişdiler. Ähtnamada uçýan diýip atlandyrylýan awtoulaglarda ulanmak üçin wodorod ýangyjynyň elementlerinde işleýän täze hereketlendirijileri döretmek göz öňünde tutulýar.
"Wodorod ýangyjynyň elementlerinde işleýän güýçli gurluşlaryň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmakda Rolls-Royce-iň awiasiýa we sertifikasiýa tejribelerini ulanmak üçin biz olar bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize begenýäris" - diýip, Hyundai Motor Group-yň prezidenti Jaýwon Şin nygtaýar.
Wodorod bilen işleýän uçýan awtoulaglary eýýäm 2025-nji ýylda görkezmek göz öňünde tutulýar. Hyundai-iň we Rolls-Royce-yň wekilleriniň sözlerine görä, wodorodly uçýan awtoulaglaryň bir topar artykmaçlyklary bar. Olar edil elektriki modeller ýaly sessiz we howa zyýanly galyndylary zyňanok. Şol bir wagtda wodorodly ulaglar uzak aralyga uçup bilýärler.