Hyundai bilen Kia Günorta Koreýanyň birgiden barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyga başlandyklaryny mälim etdiler. Inženerler we alymlar bilelikde Aýyň üstünde gezjek ulag serişdesini işläp taýýarlarlar. Lunohodyň haçan älem giňişligine goýberiljegi heniz takyk aýdylmaýar.
Bilelikdäki taslama ulagy gurmak üçin zerur bolan ulag serişdesiniň konsepsiýasyny kesgitlemekden we tehnologiýalary gözlemekden başlanar. Hyundai-iň we Kia-nyň inženerleri mobillik meseleleri boýunça özboluşly maslahatçy hökmünde çykyş ederler.
Mundan hem başga, koreýanyň ulag öndürijileri lunohod üçin programma we apparat üpjünçiligini öz üstüne alarlar, şeýle hem, robotlaşdyrylan ulagyň daşky täsirlere täsir ediş ulgamyny dörederler.
Iş wagtynda duş gelinjek esasy kynçylyklaryň içinden, ilkinji nobatda, Aýdaky şertler agzaldy: howanyň ýoklugy, temperaturanyň güýçli üýtgäp durmagy we abraziw bölejiklerden durýan ýuka tozanyň agdyklyk etmegi.
Hyundai bilen Kia işläp taýýarlaýyşlaryň dowamynda toplajak tejribelerini ýerüsti ulaglary döredenlerinde - mysal üçin, adatdan daşary şertlerde ulanmaga niýetlenen ädimläp ýöreýän ulaglary öndürenlerinde hem ulanyp bilerler.