Toyota Yaris Cross krossoweriniň sport görnüşi peýda boldy

  • 22.07.2022 23:54
  • 13k+

Toyota kompaniýasy Yaris Cross GR Sportuň täze görnüşini ýapon bazaryna çykardy, bu gezek ol Gazoo Racing sport bölümçesiniň hünärmenler tarapyndan üsti ýetirilen görnüşidir. Zawodyň üýtgeden zatlarynyň arasynda berkidilen kuzow, peseldilen podweska, täzeden sazlanan dest dolandyryşy we birgiden beýleki gowulandyrmalar bar.

Netijede, krossower has çydamly,  dolandyrylyşy juda güýçli ulaga öwrüldi, gazyň pedalyna basmak ýeňilleşdi, badyny artdyryş dinamikasy gowulandy. Yaris Cross GR Sporty daşyndan radiatorynyň başgaça görnüşli gözenegi we gyzyl tormoz supporty boýunça tanap bolýar.
Ilkinji gezek iki ýyl mundan öň tanyşdyrylan Toyota Yaris Cross krossoweri adybir heçbegiň bazasynda gurlan, onuň esasynda bolsa TNGA-B modul platformasy ýatyr. Islege görä benzinli we gibrid modifikasiýasy teklip edilen: birinji ýagdaýda ulagy göwrümi 1,5 litrlik 120-lik güýçli motor, ikinji ýagdaýda bolsa  kuwwaty 1,5-lik, güýji 91-lik  benzin bilen işleýän agregat we güýji 80-lik elektromotor herekete getirýär.
Yaris Cross-yň eýýäm bir sany ýörite wersiýasy - çala çarkandakly ýola taýýarlanan Yaris Cross Adventure görnüşi bar, ol kuzowynyň juda berkligi we salonynyň bezegi bilen tapawutlanýar. Indi bu maşgalanyň Gazoo Racing-ňe degişli "sport" görnüşi bilen hem üsti ýetirildi.  


düýn 23:53
641

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.2k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....