«Milan» Ibrahimowiç bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy

  • 19.07.2022 18:43
  • 9.8k+

Italiýanyň «Milan» futbol kluby hüjümçi Zlatan Ibrahimowiç bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada futbol klubunyň saýtynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär. 40 ýaşly şwesiýaly oýunçy bilen şertnamanyň hereket ediş möhleti bir möwsüm bolar.

Ibrahimowiç 2019-njy ýylyň dekabrynda «Milana» gaýdyp geldi. Ol mundan öňem «Milanda» oýnap, onuň bilen Italiýanyň çempionatynda (2010/11) we Super kubogynda (2011) ýeňiş gazandy. 2021/22-möwsüminde şwesiýaly hüjümçi «Milanyň» düzüminde ýene-de Italiýanyň çempiony boldy.
Şeýle-de, Ibrahimowiç “Inter” bilen (üç gezek), “Ýuwentus” bilen (iki gezek) A seriýasynda ýeňiji boldy, ol “Pari Sen-Žermen” bilen Fransiýanyň dört gezek çempiony, “Aýaks” bilen Niderlandlaryň iki gezek çempiony, “Barselona” bilen Ispaniýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy. Kataloniýanyň kluby bilen Klublaýyn dünýä çempionatynda we UEFA-nyň Super kubogynda hem ýeňiş gazandy. Ol Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby bilen bolsa UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy.
Ibrahimowiç – Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir – 116 oýunda 62 gol. 


şu gün 14:35
2.1k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.3k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.6k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......