16-njy iýulda Mejlisiň nobatdaky maslahaty geçiriler

  • 14.07.2022 12:07
  • 11k+

Şu ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on dokuzynjy maslahaty geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada 13-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hasabat berdi.

Şeýle-de nygtalyşy ýaly, Mejlisiň wekilleri Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde şu ýylyň 2 — 6-njy iýuly aralygynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işine gatnaşdy. Mejlisiň deputatlary halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde okuw maslahatlaryny geçirdiler.
Mejlisiň wekilleri täze taryhy eýýamyň talaplaryndan ruhlanyp, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň esasy ugurlaryny, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny, içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmek, olaryň ähmiýetini düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......