Hytaý 2026-njy ýylda Wenera zond ibermegi meýilleşdirýär

  • 13.07.2022 17:50
  • 9.1k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasy 2026-njy ýylda Weneranyň gurluşyny we atmosferasyny öwrenmek üçin VOICE (Weneranyň klimatyny we wulkanlaryny öwreniji) zondyny ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada Milli kosmos ylymlarynyň merkeziniň saýtynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

“VOICE-yň missiýasy aerokosmiki synag taslamasy tarapyndan goldanylan birnäçe missiýalaryň  we meýilnamalaryň konsepsiýalaryny öwrenmäge esaslanýar. Ony 2026-njy ýylda uçurmak meýilleşdirilýär. 2027-nji ýylda ol ylmy derňewleri geçirmek üçin Weneranyň orbitasyna çykar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Agramy, takmynan, 350 kg bolan awtomatik planetara stansiýasy VOICE, alymlaryň meýilnamasy boýunça, Weneranyň geologiki ewolýusiýasyny, onuň atmosferasyndaky termal we himiki prosesleri hem-de planetanyň üstündäki bulutlarda ýaşaýşyň bolup bilmek mümkinçiligini öwrener.
Missiýanyň dowamynda döwrebap ýokary tehnologiki enjamlar, şol sanda suratlary ýokary durulykda almak üçin multispektral şekilleri emele getirijiler we aperturanyň radiolokasion sintezi üçin radiolokatorlar ulanylar. Bu tehnologiýa enjamyň beýikligine, howa şertlerine we surata düşürilýän obýektiň yşyklandyrylyşyna garamazdan, ýokary durulykda Ýeriň uzak aralykdan zond bilen barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýär.

 


12.05.2026 07:19
16k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.6k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.5k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......