Geçen hepdede türkmen biržasynda 15,5 mln dollarlyk 40 sany geleşik baglaşyldy

  • 11.07.2022 19:53
  • 6.7k+

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­synyň söw­da­la­ryn­da je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 15 mil­lion 535 müň 500 dol­la­ry­na ba­ra­bar bolan 40 sany geleşik ha­sa­ba alyn­dy.

Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň we Ow­ga­nys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny sa­tyn al­dy­lar. “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuklan­dy­ry­lan gaz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Tür­ki­ýä­niň, Ow­ga­nys­tanyň te­le­ke­çi­le­ri­niň söw­da­la­ry­nyň esa­sy­ny düz­di. Mun­dan baş­ga-da, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür­le­ri Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wodyn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sa­tyn al­dy­lar.
Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Azer­baý­ja­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne tekiz bo­ýa­lan we žak­kard tüý­jü­mek önüm­ler ýer­le­nil­di.
Ma­nat se­riş­de­le­ri­ne Tür­ki­ýä­niň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri bahasy 390 müň ma­nada deň bolan nah ýüp­lü­gi sa­tyn al­dy­lar.
Içer­ki ba­zar üçin ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len, je­mi ba­ha­sy 80 mil­lion mana­da go­laý bo­lan ow­ra­dy­lan teh­ni­ki kü­kür­di, el ha­ly­la­ry­ny sa­tyn aldy­lar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......