Dünýäniň iň baý kriptomilliarderleri milliarder bolmagyny bes etdi

  • 26.06.2022 10:41
  • 24k+

Kriptowalýuta bazarynyň pese gaçyp başlanyndan bäri üç aýyň dowamynda emlägini sanly walýutada gazanan iň baý 11 milliarder 61,4 mlrd dollar ýitirdi diýip, “Forbes” amerikan žurnaly hasaplady. Olardan dördüsi öz statusyny ýitirdi. Bu barada lenta.ru belleýär.

2022-nji ýylyň iýun aýynda dünýäniň iň baý kriptomilliarderleriniň sanawynda birinji orny FTX kriptobiržasyny esaslandyryjylaryň biri Sem Benkman-Frid eýeledi, onuň baýlygy mart aýyndan bäri 4 mlrd dollar azalyp, 20 mlrd dollara ýetdi. Ol 46,3 mlrd dollar ýitiren Binance biržasyny esaslandyryjy Çanpen Çžaodan öňe geçdi, häzir Çžaonyň baýlygy 18,7 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.  
Telekeçileriň kriptobazaryň pese gaçmagy bilen uly mukdary ýitirendiklerine garamazdan, olaryň käbiri henizem kriptowalýutanyň geljegine ynanýar. Ýedi kriptomilliarderden reýtingde iň soňky orny eýelän wençura maýadary Tim Dreýper bitkoiniň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýa-da 2023-nji ýylyň başyna çenli 250 müň dollara ýetjekdigini belleýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bitkoiniň bahasy, takmynan, 41 müň dollardy, häzir ol 20 müň dollara deň.
Bazaryň pese gaçmagyndan dünýäniň iň baý adamlary hem zyýan çekdi. Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask, Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos we Microsoft-y esaslandyryjy Bill Geýts 2022-nji ýylyň başyndan bäri 115 mlrd dollar ýitirdi (24-nji iýuna çenli ýagdaýa görä). Milliarderler reýtingde, degişlilikde, birinji, ikinji we dördünji orunlary eýeleýärler.


23.05.2025 13:00
13k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.8k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...

09.01.2025 14:15
3.8k+

Ethereum-yň esaslandyryjysy haýyr-sahawata 1 mln dollarlyk memkoin bagyş etdi

Ethereum-yň esaslandyryjylarynyň biri Witalik Buterin haýyr-sahawat maksatlary bilen köp mukdarda mem tokenlerden dynmagyny dowam etdirýär. Kriptomilliarder, takmynan, 984 000 dollar mukdarda memkoinleriň uly tapgyryny...

22.12.2024 13:23
4.7k+

Lýuks brendler kriptowalýuta töleglerini kabul edip başladylar

Ýakynda bitkoiniň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan soň, lýuks brendler kriptowalýuta arkaly tölegleri girizip başladylar diýip, Reuters habar berýär. Mysal üçin, Fransiýanyň uniwermaglar ulgamy Printemps öz dükanlarynda...