Gonkongyň iň meşhur restorany suw astyna gitdi

  • 22.06.2022 11:11
  • 35k+

Gonkongdaky meşhur ýüzýän restoran Jumbo şäherden tirkege alyp äkidilenden soň, Günorta Hytaý deňzinde agdarylyp, suw astyna gitdi. Bu barada The Seattle Times habar berýär diýip, iz.ru belleýär.

Habarda restoranyň Sişa adalarynyň deňinden geçeninde “oňaýsyz howa şertlere” sezewar bolandygy aýdylýar. Ýagny, gämä suw girýär we ol agdarylyp başlaýar. Restoranyň eýesi Aberdeen Restaurant Enterprises kompaniýasy hiç kimiň zyýan çekmändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, gämini halas etmek başartmady.

“Hadysanyň bolan ýerinde suwuň çuňlugynyň müň metrden gowrak bolandygy sebäpli halas ediş işlerini geçirmek örän kyndy” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Uzynlygy tas 80 m bolan ýüzýän restoran Jumbo 40 ýyldan gowrak wagt bäri Gonkongyň iň gözel ýerleriniň biridi. Restoranyň myhmanlarynyň arasynda hatda Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II hem bolupdy. Bu restoran dürli filmlerde, şol sanda Jeki Çanyň gatnaşmagynda düşürilen kinolarda hem birnäçe gezek görkezildi. 
Jumbo bir wagtyň özünde 2,3 müňe golaý adamy naharlap bilýärdi. 
2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli restoran ýapyldy. Aberdeen Restaurant Enterprises kompaniýasy restoranyň paýdarlary üçin maliýe ýüküne öwrülendigini, sebäbi millionlarça Gonkong dollarynyň işlemeýändigine garamazdan, onuň barlagyna we hyzmat üçin sarp edilendigini aýtdy. 

düýn 20:17
5.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.5k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......