«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

  • 20.06.2022 12:07
  • 18k+

18-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny «Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly tema bagyşlanylyp, onda ýarym final tapgyryndan üstünlikli geçen sekiz sany okuwçy özara bäsleşdi. Çekeleşikli ýagdaýda geçen final oýnunyň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow baş baýraga we göçme kuboga mynasyp boldy.  Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew dagy hem aýgytlaýjy oýunda mynasyp gatnaşyp, tapawutlanmagy başardylar.


Final oýnundan soň Halkara gatnaşyklary institutynda ýörite dabara guralyp, onuň çäklerinde  ýeňijiler, şeýle-de ähli gatnaşyjylar hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, degişli şahadatnamalar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

düýn 20:41
1.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.7k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......