Kanada soňky üç ýylda ilkinji gezek “Formula-1-iň” tapgyryny kabul eder

  • 18.06.2022 12:20
  • 3.4k+

2022-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynyň programmasy – Kanadanyň Gran-prisi anna güni başlaýar. Ýaryşlar Žilýa Wilnýowa adyndaky awtodromda geçiriler. Bu barada TASS habar berýär.

Kanadanyň Gran-prisi üç ýylda ilkinji gezek geçiriler – geçenki iki möwsümde tapgyr koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy. 
Ýatlap geçsek, geçenki tapgyr bolan Azerbaýjanyň Gran-prisinde Şarl Lekler hem, onuň topardaşy ispaniýaly Karls Saýns hem pellehana ýetip bilmedi. “Red Bulldan” niderlandiýaly Maks Ferstappen möwsümiň bäşinji ýaryşynda ýeňiş gazanyp, şahsy sanawda öňdebaryjylygyny berkitdi (150 utuk), meksikaly Serhio Peres bolsa ikinji bolup, çempionatda ikinji orna çykdy, ol topardaşyndan 21 utuk yza galýar. Lekler häzirki dünýä çempionyndan 34 utuk yzda.
Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” “Ferrariden” 80 utuk bilen üstün çykýar. 


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

01.06.2026 17:02
6.8k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....