Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy

  • 13.06.2022 19:05
  • 8.1k+

Golf boýunça “Meýjor” seriýasynyň ýaryşlarynyň on bäş gezek ýeňijisi Taýger Wudsyň baýlygy bir milliard dollardan geçdi. Şeýlelik bilen, ol taryhda milliarder bolan üçünji türgen boldy diýip, “Forbes” žurnaly habar berýär. Muny mir24 ýetirýär.  

Şol bir wagtyň özünde ýaryşlardan gazanylan pul baýraklary 46 ýaşly golfçynyň baýlygynyň 10%-den hem az bölegini emele getirýär. Ol milliardy, esasan, Gatorade, Monster Energy, TaylorMade, Rolex we Nike bilen mahabat kampaniýalarynda gazandy. Mundan başga-da, oňa restoran we golf bilen baglanyşykly birnäçe firmalar degişli.
Forbes-iň maglumatlaryna görä, amerikaly türgen karýerasynyň ýokary derejesinde pul baýraklaryny hasap etmezden 100 million dollardan gowrak gazanýardy. Milliarder türgenleriň sanawyna Wudsdan başga-da, basketbolçylar Maýkl Jordan bilen Lebron Jeýms girýär. 

şu gün 01:00
2k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

düýn 19:42
1k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

düýn 17:01
6.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.4k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....