«Mebato» 14-nji iýunda utuşly aksiýasynyň jemleýji dabarasyna çagyrýar

  • 12.06.2022 20:09
  • 29k+

«Mebato-nyň» esasy baýragy ýeňil awtoulag bolan utuşly aksiýasy bu gün tamamlanýar. Sowgatly aksiýanyň jemleri 2022-nji 14-nji iýunynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki «Bagtyýar Türkmen» toý mekanynda jemleniler. Çäre 9:00-da başlanar.

Çäräni gurnaýjylar dabara petegi bolan-bolmadyk islendik adamyň gatnaşyp biljekdigini aýdýarlar. Saý-sebäp bilen şol gün çärä baryp bilmejek raýatlarymyz bolsa çäräni «Mebato-nyň» Instagram sahypasyndan janly ýaýlymda yzarlap biler. Munuň üçin şu SALGA basyp bilersiňiz.
«Mebato-nyň» yglan eden aksiýasyna gatnaşmak üçin brendiň paýtagtymyzdaky hem-de bäş welaýatdaky söwda dükanlaryndan 1000 manatlyk söwda edip, 1 sany utuşly petek almalydy.
Petekleriň arasynda boşy ýok, esasy baýrak bolsa — ýeňil awtoulag. Beýleki baýraklaryň hatarynda — smartfonlar, holodilnikler, kir ýuwujy maşynlar, telewizorlar, pylesoslar, gaz plitalary, mikrotolkunly peçler, ütükler we başga-da köpsanly ululy-kiçili sowgatlar bar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 61 34 03 34; +993 62 35 03 35

Instagram sahypasy

19.03.2026 18:11
2.7k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
5.7k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
10k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.8k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...