Gurban Berdiýew «Kaýratyň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

  • 06.06.2022 21:53
  • 28k+

Gazagystanyň «Kaýrat» kluby we türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew taraplaryň ikitaraplaýyn ylalaşygy esasynda şertnamany ýatyrdylar. Bu barada gazak klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Kaýrat» futbol kluby Gurban Bekiýewiçe we onuň kömekçilerine eden işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär, şeýle hem soňrakky karýerasynda üstünlik arzuw edýär» - diýlip «Kaýratyň» beýanatynda aýdylýar.

69 ýaşly G.Berdiýew gazak klubuna 2021-nji ýylyň tomsunda tälimçi bellenildi. Onuň tälimçiliginde «Kaýrat» 32 oýunda 14 gezek ýeňiş gazandy, 8 gezek deňme-deň oýnap, 10 gezek ýeňildi.
Ondan öň, Berdiýew «Rostow» we «Rubin» klublaryna tälimçilik etdi.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......