Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy

  • 30.05.2022 07:25
  • 13k+

Italiýaly Karlo Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekordsmen boldy. Ýekşenbä geçilen gije final oýnunda Ançelottanyň ýolbaşçylygyndaky Madridiň "Realy" iňlisleriň "Liwerpulyny" 1:0 hasaby bilen utupdy. 

Duşuşyk Pariždäki «Stad de Frans» stadionynda geçdi.
Ançelotti tälimçi hökmünde dördünji gezek öz toparyna Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandyrdy. 2003-nji we 2007-nji ýyllarda italiýaly tälimçi "Milan" bilen Ýewropanyň iň abraýly klub turnirinde, 2014-nji we 2022-nji ýyllarda bolsa - "Real" bilen ýeňiş gazandy.
Fransiýaly Zinedin Zidan we angliýaly Bob Peýsli ikisiniň hersi üç tituldan gazandylar. Zidan "Real" bilen 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda ýeňiş gazandy. Peýsli "Liwerpuly" üç gezek Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň eýesi etdi (1877, 1978, 1981).
Ançelotti 62 ýaşynda, ol 2021-nji ýylyň tomsunda "Reala" ýolbaşçy boldy we klub bilen Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Ol  Ýewropada iň güýçli milli çempionatlaryň bäşliginiň her birinde ýeňen taryhda birinji tälimçidir. Şeýle hem italiýaly hünärmen karýerasynyň dowamynda Angliýanyň "Çelsisini", Germaniýanyň "Bawariýasyny", Italiýanyň "Milanyny" we Fransiýanyň PSŽ-syny milli birinjiliklerinde ýeňişlere ýetirdi.


şu gün 14:15
3.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......