Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň onlugy düzüldi

  • 28.05.2022 12:19
  • 26k+

KPMG kompaniýasy Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingini neşir etdi. Statistika Football Bencmark saýtynda elýeterli diýip, Lenta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Reýtingiň birinji ornuny Madridiň “Realy” eýeledi, onuň bahasy 3,18 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar. Ispaniýanyň kluby bassyr dördünji ýyl Ýewropada iň gymmat klub boldy.
Üçlüge “Mançester Ýunaýted” we “Barselona” girdi. Olaryň bahasy, degişlilikde, 2,88 we 2,81 mlrd ýewro barabar. Geçen ýylky reýting bilen deňeşdirilende klublar orunlaryny çalyşdylar.
Sanawyň onlugyna Mýunheniň “Bawariýasy”, “Liwerpul”, “Mançester Siti”, “Çelsi”, “Pari Sen-Žermen”, “Tottenhem” we “Ýuwentus” hem girdi. “PSŽ-niň” düzüminde dünýäniň iň gymmat futbolçysy, hüjümçi Kilian Mbappe çykyş edýär. Oýunçynyň transfer bahasy 160 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.


düýn 23:07
4.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.8k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....