Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty yglan edildi

  • 25.05.2022 09:12
  • 17k+

Azerbaýjanyň Şamahi şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň 7-nji duşuşygy geçirildi. Oňa TDG-niň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň başlygy Fuad Nagiýew, şeýle-de Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu barada azerbaýjan habarlar gulluklary maglumat ýaýratdy.   

Bellenilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna  agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygy Garabag sebitiniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini herekete girizmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky sebitlerde syýahatçylygy ösdürmek we bu babatdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, syýahatçylyk pudagynda tejribe alyşmak, «Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty» taslamasyny durmuşa geçirmek, TDG agza we oňa synçy hökmünde gatnaşýan döwletleriň hususy, şeýle-de döwlete degişli syýahatçylyk kärhanalarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, TDG döwletleriniň arasynda wizasyz syýahatlary ýola goýmak hem-de özara uçar gatnawlaryny artdyrmak ýaly meseleleri öz içine aldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Türk dünýäsiniň syýahatçylyk pudagyny dolandyrmak» atly resminamany tassykladylar we Türki dilli döwletleriň syýahatçylyk edaralarynyň "Ýol kartasyny kabul ederler. Ministrleriň duşuşygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şamahi şäheri «Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edildi.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......