Ýewropada awtoulaglaryň satuwy 20,6% pese gaçdy

  • 19.05.2022 20:56
  • 18k+

Ýewropada täze awtoulaglaryň satuwy 2022-nji ýylyň aprelinde 20,6%, 684 506 ulaga çenli azaldy diýip, Ulag öndürijileriň ýewropa assosiasiasy (ACEA) habar berýär.

Pandemiýa sebäpli aglaba awtosalonlaryň ýapylan döwri bolan 2020-nji ýylyň aprel aýyny hasaba almasaň, bu gözegçiligiň tutuş taryhynda iň gowşak netije boldy. Mysal üçin, Italiýada ulaglara bolan isleg 33%, Fransiýada bolsa 22,6% pese gaçdy diýip,  ACEA-da belleýärler.

Şonda 2022-nji ýylyň birinji 4 aýynyň dowamynda bazar 14,4% peseldi. Ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli döwür içinde Ýewropa bileleşiginde jemi 2 930 366 sany täze ýeňil awtoulag satyldy.

2022-nji ýylda Ewropa bileleşiginiň esasy bazarlarynyň içinde has äşgär pese düşüş Italýada (-26,5%), Fransiýada (-18,6%), Ispaniýada (-11,8%) we Germaniýada (-9,0) bellige alyndy.  Satuwyň şunuň ýaly birden pese gaçmagynyň esasy sebäbini assosiasiada «üpjünçilik zynjyryndaky kynçylyklar» diýip atlandyrýarlar.  

düýn 11:57
4.8k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....