Saud Arabystany 2027-nji ýyla çenli nebit önümçiligini 13 mln b/g ýetirmegi maksat edinýär

  • 18.05.2022 08:26
  • 4.5k+

Saud Arabystany 2027-nji ýylyň başyna çenli nebit önümçiligini günde 13 mln barrele çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle bildirişi ýurduň Energetika ministri Abdel Aziz ben Salman Al Saud Bahreýnde geçirilen energetika konferensiýasynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Patyşalyk 2026-njy ýylyň ahyryna ýa-da 2027-nji ýylyň başyna çenli nebit önümçiligini kem-kemden günde 1 mln barrel ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Şeýlelik bilen, biz umuman alanyňda, günde 13 million barrelden gowrak nebit gazyp almagy meýilleşdirýäris” – diýip, Al Arabiya teleýaýlymy ministriň sözlerini getirýär.

Al Saud “nebit gözlemek we gazyp almak sferasynda maýa goýumlaryň diňe şu maksada ýetmek üçin gönükdiriljekdigini” belledi. Ol “ýurduň içinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagynyň nebit eksportyna has köp üns bermäge we beýleki ýurtlara iberilýän çig maly köpeltmäge mümkinçilik berjekdigini” sözüniň üstüne goşdy. 
Mundan başga-da, ministr “energetika pudagynda önümçilik kuwwatynyň peselmeginiň halkara jemgyýeti tarapyndan üns berilmeli global meseledigini” belledi.
Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) maý aýyndaky hasabatyna görä, beýleki OPEK+ ýurtlaryndan tapawutlylykda Saud Arabystany aprel aýynda önümçiligi birneme ýokarlandyryp bildi – bir aý ozalky 10,28 mln b/g bilen deňeşdirilende, 10,4 mln b/g çenli.


düýn 19:01
3.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...