Ispaniýada azyk önümleri üçin bahalaryň ösüşi 30 ýyllyk rekordy täzeledi

  • 15.05.2022 10:18
  • 4.7k+

Ispaniýada azyk önümleriniň we alkogolsyz içgileriň bahasy şu ýylyň aprel aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,1% ýokarlandy. Muny patyşalygyň Milli statistika institutynyň maglumatlary delillendirýär diýip, Day.Az habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, azyk önümleri we alkogolsyz içgiler üçin bahalaryň ösüşi 10,1%-e deň boldy, bu olaryň düzüm bölekleriniň aglabasynyň bahasynyň umumy ýokarlanmagy sebäpli bolup geçdi. “Şolaryň arasynda etiň, çöregiň we ýarmanyň, noýbanyň, gök önümleriň we süýdüň, peýniriň we ýumurtganyň bahasy geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda has ýokary boldy” – diýip, statistika instituty belleýär. “20minutos” gazetiniň wersiýasyna görä, bu 1994-nji ýyldan bäri gözegçiligiň tutuş taryhyndaky iň ýokary görkezijidir.
Geçen aý Ispaniýada inflýasiýa 8,3% boldy. Mart aýynda bu görkeziji 37 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetip, 9,8% boldy.


düýn 20:41
6.3k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

düýn 20:15
982

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
867

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.3k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....