Intel ýarym geçirijiler bilen bagly çökgünligiň tamamlanjak möhletini aýtdy

  • 03.05.2022 13:20
  • 4.8k+

Kompýuter bazasyny işläp düzüji Intel kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Gelsinger ýarym geçirijileriň global ýetmezçiliginiň 2024-nji ýyla çenli dowam etjekdigini aýtdy. Bu barada The Verge täzelikler portaly ýazýar. 

Partik Gensilger häzirki wagtda kompaniýanyň ätiýaçlyk bilen bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin diňe bir zerur önümçilik kuwwatyna däl-de, eýsem 2024-nji ýylda ýitirilen orunlary gaýtadan dikeltmek üçin ýeterlik derejede özüne çekiji önümlere eýedigini aýtdy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda sarp ediji PK segmentinde islegiň azalmagy sebäpli Intel-iň hyzmatdaşlarynyň ammarlarynda artykmaç prosessorlar peýda boldy, ýöne ikinji ýarymýyllykda isleg artyp başlar. Şonuň üçin Intel ýokary öndürijilikli çipleriň önümçiligini artdyrmagy we başlangyç derejesindäki çözgütleriň önümçiligini azaltmagy meýilleşdirýär.


09.01.2025 13:44
1.3k+

Intel kompaniýasy Core Ultra 200 üçin B860 we H810 çipsetlerini tanyşdyrdy

Intel kompaniýasy Core Ultra 200 prosessorly elýeterli nyrhdaky esasy platalary üçin B860 we H810 çipsetlerini resmi taýdan hödürledi diýip, Tom’s Hardware habar berýär. Bu çipsetler bilen ulanylýan operatiw ýat...

19.10.2023 07:47
3.1k+

Intel Core i ady bilen hoşlaşýar. Mundan soňky prosessorlar Core we Core Ultra diýlip atlandyrylar

Intel kompaniýasy Core prosessorlarynyň täze 14-nji neslini hödürledi, indi kompaniýa bularyň iň soňky Core i CPU boljakdygyny tassyklady. Geljekki Meteor Lake-iň Core Ultra brendine geçjekdigini biz öňünden bilýärdik...

şu gün 16:51
152

Blue Origin kompaniýasy Ýeri asteroidlerden goramagyň meýilnamasyny işläp düzýär

Blue Origin kompaniýasy NASA we ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlykda Ýeri howply asteroidlerden goramak üçin ulgam işläp düzýär. Taslama NEO Hunter diýlip atlandyrylýar. Ol dürli orbitalarda işläp bilýän we 4000 kg çenli enjamlary daşamaga ukyply modul hemra ulgamy bolan Blue Ring platformasyny ulanmaklyga esaslanýar...

şu gün 14:31
620

Alymlar Ýuwaş ummanda janly-jandarlaryň näbelli 38 görnüşini ýüze çykardy

Alymlar Ýuwaş ummanda janly-jandarlaryň täze 38 görnüşini we täze bolup biljek 28 görnüşini tapdy. Bu barada Nippon Foundation gaznasy we «Nekton» kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ocean Census» taslamasynyň saýtynda habar berilýär...