TMCARS: ORAZA BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

  • 02.05.2022 01:34
  • 17k+

On iki aýyň seresi hasap edilýän Remezan aýy hem tamamlandy. Rysgal-bereketiň, ruhy päkizeligiň möwsümi hökmünde tanalýan bu aýa türkmen halky aýratyn uly ähmiýet berýär. Gadymlardan gözbaş alýan ylmy-edebi eserlerimizde hem bu mübärek aý barada gymmatly maglumatlar köp. Ata-babalarymyzyň ürç edip okan eserleriniň biri bolan «Bereket kitaby» atly eserde oraza tutmagyň, agyz beklemegiň rysgal-bereketiň hem artmagyna sebäp bolýandygy nygtalýar.

Pygamberimiz: «Her zadyň gapysy bar, ybadatyň gapysy – orazadyr», «Tä agzyny açýança agzy bekli adamyň dileg-dogasy ret edilmez», «Agzy bekli (ýagny, orazaly) adamyň ukusy hem ybadatdyr, dymmagy tesbihdir, dogasy kabuldyr, amalynyň sogaby gat-gatdyr» diýipdir. Pygamberimiz: «Remezan aýy sabryň aýydyr. Sabryň sylagy bolsa jennetdir. Bu aý birek-birege duýgudaş bolmagyň aýy. Bu aý möminiň rysgalynyň has köpelýän aýy. Bir orazala agzaçar bermek bir guly bendilikden azat etmek bilen deňdir, günäleriň dökülmegine sebäpdir» diýipdir. Şol kitapda ýazylmagyna görä:

“Remezan aýy mübärek aý. Bu aýda agyz beklemek parz. Bu aýda Asmanlaryň gapysy giňden açylyp, dowzah gapylary baglanyp goýulýar. Müň aýdan haýyrly Gadyr gijesi hem şu aýda. Bu aýyň haýryndan bereketinden mahrum galan adam hakyky binesip adamdyr.

Remezan aýynda sadaka köp bermek rowa görülýär. Şeýle hem bu aýda haýyr-yhsan, ybadat, zikir, Kuran okamak we öwretmek, birek-birege Kuran okaşmak, oraza tutýanlara selärlik hem-de agzaçar bermek, her gijede terawih namazyny okamaga dowam etmek sünnetdir, rysgal-bereketiň has köp bolmagyna sebäpdir. Mundan başga-da ýylyň belli-belli günlerinde agyz beklenilýän möwsümleri hem bolýar. Şeýle oraza tutmagyň hem sogaby uludyr.

Oraza tutmagyň başga-da örän köp peýdalary bar. Dileg-dogalaryň kabul bolýar, Asmandan bereket inýär, agyz açan wagty şatlyga çümýäň. Agyz açan wagtyň edilen dileg-doga boş galmaz diýen söz bar. Agyz beklemegiň ýene bir peýdasy saglyk üçindir. Lukman hekim ogluna öwüt berende: «Eý, oglum, mädäň aşdan dolsa pikiriň uklar, paýhas aňdan çykar, süňňüň bolsa ybadata berilmekden saklanar» diýipdir. «Oraza tutuň, agyz bekläň, sag bolarsyňyz» diýen söz bar. Hezreti Alynyň aýtmagyna görä, oraza tutmak, agyz beklemek ýatkeşligiňi güýçlendirýär” diýlip beýan edilýär.  

Oraza tutmagyň ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna ýetirýän täsiri, ähmiýeti, oraza baýramynyň biziň döwletimizde bellenilişi we bu aý bilen baglanyşykly beýleki däp-dessurlar barada hormatly Arkadagymyzyň şu ýylyň Gadyr gijeli günlerinde halkymyza sowgat eden «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynda hem has köp maglumatlar bar. Bu kitapda oraza we onuň ähmiýeti Kurany-kerimiň aýatlaryna, Muhammet pygamberiň hadyslaryna, Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine salgylanyp, düşnükli we täsirli dilde, ygtybarly ylmy maglumatlar esasynda beýan edilýär. Bu kitapda diňe Oraza we agzaçar baýramy däl, eýsem, beýleki milli we dini däp-dessurlarymyz hakynda hem gyzykly maglumatlar bar. Oraza baýramyna yýdul-fitir, ýagny pitre baýramy hem diýilýändigi nygtalýar.

Remezan aýyndan soňra Şowwal//Şewwal aýy başlanýar. “Şowwal aýy şowly aý” diýen düşünje hem bar. Türkmen halkynda bu aýa Baýram aýy hem diýilýär. Oraza baýramynyň bu aýda bolmagy, şeýle hem Muhammet pygamberiň  hezreti Äşä şu aýda öýlenendigi hem bu aýyň şeýle atlandyrylmagyna sebäp bolan bolmagy mümkin. Diýmek, biziň öňümizde Remezanyň ýyl boýuna, ömür boýuna ýetjek bereketli bilen gurşalan toý-baýramly günler, aýlar we ýyllar bar.

Pursatdan peýdalanyp, Tmcars.info ähli türkmen halkyny Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Goý, siziň agzaçarlaryňyz, tutan orazalaryňyz, berjaý eden tagat-ybadatlaryňyz, ähli ýagşy dileg-dogalaryňyz, beren sadaka-sahawatlaryňyz Hakyň dergähinde kabul bolsun! Öý-ojaklaryňyzyň rysgal-bereketi zyýada bolsun! Saglyk, agzybirlik, abraý hemişe hemraňyz bolsun! Sylagly, sarpaly ýyllar hem-de ýollar nesibäňize öwrülsin! Ýene-de bir gezek Oraza baýramyňyz gutly-mübärek bolsun!

şu gün 09:55
375

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara sergini we maslahaty kabul etmäge taýýarlyk görýär. 2026-njy ýylyň 24–25-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forum ýurduň şäher gurluşyk syýasatynda gazanan üstünliklerini, binagärlik keşbini we tehnologik ösüşlerini görkezmäge niýetlenendir...

şu gün 09:34
1.1k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler

14-nji martda, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler...

şu gün 00:09
2.8k+

Türkiýede ilat has çalt garraýar: garrylaryň sany 9,5 mln adamdan geçdi

Türkiýede 65 we ondan uly ýaşly adamlar indi ilatyň 11,1%-ini düzýär. «Turkstat-yň» berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 9,5% bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Türkiýe garry ilatyň paýy boýunça dünýäniň 194 ýurdunyň arasynda 75-nji orunda durýar...

düýn 18:54
5k+

Tanymal köçe suratkeşi Benksiniň hakyky ady anyklandy

Dünýäniň iň tanymal, şol bir wagtyň özünde-de nätanyş köçe suratkeşi Benksiniň hakyky adynyň Dewid Jonsdygy anyklandy. Şeýle netijä Reuters agentliginiň žurnalistleri geçiren derňewleriniň netijesinde geldi. Benksiniň şahsyýetini anyklamak boýunça ilkinji synanyşyk 2008-nji ýylda edilipdi...