Kuba ykdysadyýetde kriptowalýutalary ulanyp başlar

  • 01.05.2022 18:50
  • 5.4k+

Kubanyň Merkezi banky 16-njy maýdan ýuridik şahslara kriptowalýutalary ulanmak üçin ygtyýarnama berip başlar. Bu barada düzgünleşdirijiniň degişli kararyna salgylanyp, Reuters habar berýär.

Resminamada ygtyýarnamanyň fiziki we ýuridik şahslara bir ýyl möhlet bilen beriljekdigi aýdylýar. Olaryň möhletini uzaldyp bolýar, ýöne diňe bir gezek.

Kubanyň Merkezi bankynda düzgünleşdirijiniň ygtyýarnamany bermezden ozal islendik haýyşyň kanunylygyny, sosial-ykdysady bähbitlerini we taslama aýratynlyklaryny gözden geçirjekdigi aýdylýar. 

Kubanyň Merkezi bankynyň öňki ykdysatçysy Pawel Widalyň aýtmagyna görä, düzgünleşdiriji peýda almak maksady bilen ýurtda kriptowalýuta üçin oňyn ýer döretmek kararyna geldi. Bu soňky ýyllarda Kubanyň ykdysadyýetiniň barha gowşaýandygy bilen baglanyşyklydyr: ýurduň JIÖ-i iki ýylda 13% pese gaçdy.


01.01.2026 18:33
1.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň halkyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

30.11.2025 09:16
9.9k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...

26.11.2025 10:43
901

Raşid Meredow kubaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

05.11.2025 12:02
4.4k+

Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi

5-nji noýabrda söwdalaşyklaryň barşynda bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi. Muňa Binance kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Gije Aşgabat wagty bilen 01:18-de esasy kriptowalýutanyň bahasy 99600 dollar çenli düşdi...