Türkmenistan Yslam Ösüş bankynyň umumy maýasynyň artdyrylmagyna gatnaşar

  • 30.04.2022 14:03
  • 8.6k+

29-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow Yslam Ösüş bankyndan onuň umumy maýasynyň artmagyna ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky gelip gowşan teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Nygtalyşy ýaly, Yslam Ösüş banky ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu bank bilen dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Onuň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmak Türkmenistanda, hususan-da, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......