REMEZANYŇ GADYR GIJELI GÜNLERI

  • 27.04.2022 10:44
  • 27k+

Remezan aýynyň her güni beýleki aýlaryň günleri bilen deňeşdireniňde has sogaply hasaplanylýar. Remezanyň soňky ongünlüginde bolsa bu sogaplaryň möçberi-mukdary has-da artmak bilen bolýar. Şonuň üçin şu on günüň dowamynda ýagşy amallary öňkülerdenem artdyrmak, janyň-teniň bilen ýagşy dileg-dogalara berilmek, has köp haýyr-sahawat, sadaka bermek ündelipdir. Hassalaryň hal-ýagdaýyndan habar almak, mätäje ýardam etmek, aýat-töwirleri öwrenmek maslahat berlipdir. Çünki, ýylyň iň mübärek gijesi («mübärek» sözi «bereketli» diýmegi aňladýar) bolan Gadyr gijesi şu ongünlügiň dowamyndadyr.

Pygamberimiziň hadyslarynda: «Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň» diýendigi beýan edilýär. Ýagny, Remezanyň 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeleriniň haýsy hem bolsa biriniň Gadyr gije bolmak ähtimallygy ýokarydyr. Musulmançylykda gije gündizden öňde hasaplanylýar. Şonuň üçin «Remezanyň 27-nji gijesi» diýlende, 26-dan 27-ne geçilýän gije göz öňünde tutulýandyr. Haýsy gijäniň Gadyr gijedigini bilmek üçin şol gijäniň aýratynlygyna, alamatlaryna üns bermek gerek. Bu babatda TmCars.info saýtymyzdaky «Gadyr gijesi we onuň alamatlary» diýen makala bilen tanşyp bilersiňiz. Şol makalada hem ýatlanylmagyna görä, Ymam Şagrany hezretleri Gadyr gijesini bilmegiň özboluşly usulyny öňe sürüpdir. Onuň pikirine görä, «...Remezan aýy şenbe güni başlasa, onda şol ýyldaky Gadyr gijesi 23-nji gijedir» diýen sözler bar. Alymyň bu pikirine esaslansak, 2022-nji ýyldaky Gadyr gijesi Apreliň 23-den 24-ne geçilýän gijä gabat gelýär. Sebäbi bu ýyl Oraza apreliň 2-sine, şenbe güni başlanypdy. Remezanyň 23-nji gijesi (ýagny, 22-den 23-ne geçilýän gije) bolsa, aprel aýynyň 23-den 24-ne geçilýän gijä gabat gelýär. Anygyny Alla bilýär.


16.03.2026 23:40
19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

15.03.2026 09:34
8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler

14-nji martda, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler...

14.03.2026 15:39
14k+

Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär...

14.03.2026 00:10
15k+

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar...