REMEZANYŇ SOWGADY

  • 08.04.2024 15:47
  • 23973
REMEZANYŇ SOWGADY

Ertir şu ýyldaky mübärek Oraza aýynyň soňky güni. Geçen otuz güne basalykly wagtyň dowamynda daň atandan Gün batýança aralykda iýip-içgilerden saklanyp, agyz beklemegiň esasy talaplarynyň birini ýerine ýetirendiris. Oraza aýy diňe bir iýip-içmekden saklanmak däl, eýsem özümiziň ýaramaz endiklerimizden hem saklanmak, özümizi saklap bilmekligiň bir aýlygydyr. Ýagny, Oraza tutmak diňe agyz beklemek däl, özümize ählitaraplaýyn erk etmek aýydyr. Aý dogan mahaly turuwbaşdan berk niýet edip, Oraza tutmagy ýüregimize düwen bolsak, soňra yhlas bilen ýerine ýetiren bolsak, bu özümize erk edip bilýändigimiziň, özümize hem diýen etdirip bilýändigimiziň aýdyň subutnamasy. Diýmek, bir zady ymykly ýüregimize düwsek, biz şony bitirip biljek ekenik. Remezan orazasynyň mysalynda biz juda köp zatlar dogrusynda netije çykaryp bilýäris. Remezan aýy bize nämeleri öwredip bildi? Biz bu öwrenen zatlarymyzy nähili özleşdirmeli? Nähili dowam etmeli? Remezanyň tutuş ömre ýetjek peýdalarynyň käbirlerini ýatlalyň:

  1. Remezan özümize erk etmegi öwretdi. «Özüne erk edip bilýän, ömrüne hem erk edip biler» diýen jümle bar. Otuz günläp öwrenen zadymyz, öwrenişen häsiýetimiz hemişelik endigimize öwrülse, geljegimizi dogry-dürs kesgitlemek, asylly maksatlar üçin aýgytly gadam urmak, ykbalymyza, durmuşymyza erk etmek bize başardar.
  2. Remezanyň öwreden zatlarynyň ýene biri — ir turmak endigi. Diňe biziň halkymyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli halklarynda hem ir turmagyň bereketi hakynda juda köp zatlar aýdylýar. Ir oýanmagyň, ir turmagyň tutuş durmuşyňyza neneňsi täsir edýändigini has düýpli öwrenmek isleseňiz, Hel Elrodyň «Säheriň jadysy» atly eserini okamagy maslahat berýäris. Türkmen halkynda hem «Rysgalyň ondan dokuz bölegi säher wagty paýlanarmyş, galan bir bölegi tutuş günüň dowamynda çöplenilýär» diýilýär. Şonuň üçin, täze öwrenen zadyňyzy — Remezanyň bu ajaýyp sowgadyny — ir turmaklygy endigiňize öwrüň, ýene-de ir turmaga dowam ediň! Bu rysgal-bereketiňiziň has-da köpelmegine sebäp bolar.
  3. Remezan aýynda ýaramaz endiklerimiziň köpüsinden, has dogrusy ählisinden diýen ýaly hem saklanandyrys. Oňlanylmaýan pişelerden, gylyksyz häsiýetlerden otuz günläp saklanyp bilen bolsak, ýene bir otuz gün, soňra ýene bir otuz gün saklanyp bileris. Şonuň üçin, Remezandan öňki bar bolan ýaramaz häsiýetlerimizi ýa-da endiklerimizi Oraza aýy tamamlanandan soňra hem asla gaýtalamajak bolalyň. Gerekmejek endiklere dolanmalyň, yza dönmäliň. «Ähmiýet ýok zatlary terk etmeklik hakyky musulmançylygyň bir alamaty» diýen paýhasly jümle bar. Hiç hili peýdasy, ähmiýeti ýok zatlary belli-külli goýbolsun edip, Remezanda özümizi nähili alyp baran bolsak, ýene şeýle röwüşde dowam etmegimiz gerek.
  4. Iň agyr düşýän zatlaryň biri — iýip-içmekden saklanyp bilmek. Remezan orazasynda artykmaç iýip-içmekden saklanyp bilýändigimizi görkezdik. Diýmek, nahar-tagamda isrip etmekden, yrýa etmekden, aşgazana agram salmakdan saklanyp bilýändigimiz; Bu häsiýetimizi ýene-de dowam etmeli. Üstesine, islendik zat babatda, esasanam iýip-içgide, sowalgada öte geçmek, ýagny gereginden artyk mukdarda garbanmak ýa-da zerur bolmasa-da täze-täze zatlary satyn alyp ýörmeklik isripdir. Isrip — ilki bilen gazanç-girdejiniň, soňra bolsa tutuş ömrüň bereketini köýdürip bilýär. Şonuň üçin edýän amallarymyzyň, hereketlerimiziň, iýip-içgilerimiziň, gazanç-girdejilerimiziň, tutuş ömrümiziň has-da bereketli bolmagy üçin isrip etmejek bolmaly.
  5. Remezan aýynda haýyr-sahawat etmek, ýagşylyk etmek, mätäçlere, hassalara, ýarawsyzlara kömek etmek, olaryň hal-ýagdaýyny soramak, ýakyn garyndaşlarymyzdan habar alyp durmak, garyndaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek ýaly asylly häsiýetlerimizi ýene-de dowam etmegimiz gerek. Çünki bu zatlar diňe özümize däl, eýsem, ýedi arka nesil-neberämize haýry-sogaby ýetýän ýagşy amallardyr.
  6. Remezan orazasy ynamymyzy güýçlendirýän, yhlas etdirýän aýlaryň biri. Şol yhlaslylygy özümiz bilen dahylly beýleki asylly işlerimizde hem yzygiderli dowam etmeli. Yhlas bilen bitirilen işleriň haýry-höziri, bereketi has köp bolýar.

***

Remezan orazasynyň bize öwreden zatlary sanardan köp. Öwrenen zatlarymyzy özleşdirmek, özümizde endige öwürmek arkaly biz Remezanyň bereketini tutuş ömrümize ýaýyp bileris.

düýn 19:57
3387

Türkmenistanda geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň 3 dilli düşündirişli sözlügi neşir edildi

Türkmenistanda geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň iňlisçe-rusça-türkmençe düşündirişli sözlügi neşir edildi. Sözlükde geologiýanyň, seýsmologiýanyň we geofizikanyň dürli ugurlaryna degişli...

düýn 19:36
3897

iPhone SE 4-iň köpçülikleýin önümçiligi oktýabrda başlar, 2025-nji ýylda satuwa çykar

The Information-iň berýän maglumatlaryna görä, Apple 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda iPhone SE 4-iň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Enjam 2025-nji ýylyň başynda, ähtimal mart aýynda satuwa çykar...

düýn 12:41
6628

Ýapon dükanlarynda kassirleriň ýylgyrşyna emeli aň baha berip başlady

Ýaponiýada iň uly AEON dükanlar ulgamy öz işgärleriniň ýylgyrşyna we sypaýylygyna baha bermek üçin emeli aň ulgamyndan peýdalanyp başlady. Kassalardaky kameralara oturdylan Mr Smile neýroulgamy satyjynyň özüni...

düýn 07:55
6181

“Dedpul 3” filmiň treýleriniň rekord tomaşasy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Dedpul 3” filmi heniz çykyp ýetişmänkä, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Film 24 sagadyň içinde iň köp tomaşa edilen treýler hökmünde şahadatnama aldy. Bir günde lentanyň ilkinji treýlerine 365 mln...