Gadyr gijesi we onuň alamatlary

  • 07.05.2021 16:32
  • 66k+

Remezan aýynyň iň ähmiýetli gijeleriniň biri Gadyr gijesidir. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär. Hoja Ahmet Ýasawynyň, käbir çeşmelerde bolsa Gul Süleýman Bakyrganynyň aýdan sözi hökmünde edebi eserlere giren: “Her gijäni gadyr bil, her görenňi — Hydyr” diýlişi ýaly, bu mübärek gijeleriň gadyr-gymmatyny duýmak, şol wagtlarda has köp ýagşy dileg-dogalara meşgul bolmak ündelipdir.

Diňe bir il arasynda däl, eýsem, irki kitaplaryň ençemesinde hem Gadyr gijesiniň Remezanyň haýsy hem bolsa bir gijesine gabat gelýändigi, emma şol gijäni takyk bilýänleriň örän azdygy ýaňzydylýar. Her ýylyň Gadyr gijesi başga bir güne gabat gelip bilýär diýilýär. Ymam Agzam Gadyr gijesiniň köplenç Remezanyň 27-nji gijesine gabat gelýändigini aýdar ekeni. Pygamberimiz: “Kim öň Gadyr gijesine gabat gelen bir gijäni tagat-ybadat bilen geçirse, hatda şol Gadyr gije däl hem bolsa, oňa Gadyr gijedäki ýaly ybadatyň sogaby berler” diýipdir. Başga birine bolsa: “Bu ýylky  Remezanyň Gadyr gijesi geçdi, ýöne Remezanyň 27-nji gijesini ybadat edip geçir, Gadyr gijesiniň sogabyna eýe bolarsyň. Şepagatdan binesip galmarsyň” diýipdir. Gadyr gijesinde “Gadyr” süresini bir gezek okamak, başga wagtlarda Kurany hatm etmekden sogaply hasaplanylypdyr. Gadyr gijesinde tesbi sanamagyň hem uly sogaby bar diýilýär. Bu gije “goýun sagarlyk” wagt mukdarynda (ýagny, sähelçe wagt aralygynda) namaz okamak, ybadat etmek, bir aýlap ähli gijeleri ybadat bilen geçirmekden has gymmatlydyr” diýilýär.
Hadyslarda Pygamberimiziň “Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň” diýendigi beýan edilýär. Ýagny, Remezanyň 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeleriniň haýsy hem bolsa biriniň Gadyr gije bolmak ähtimallygy ýokarydyr. Musulmançylykda, umuman türkmençilikde hem gije gündizden öň hasaplanylýar. Sebäbi, Adam ata jennetden zemine düşürlende gijelik ekeni. Soň biraz ýöräp beripdir welin, jahan ýagtylyp başlapdyr. Şondan ugur alybam, gije gündizden öň hasaplanylýar. Mysal üçin, penşenbeden anna gününe geçilýän gijä “anna agşamy” ýa-da “juma agşamy” diýilýär. Şonuň üçin, 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeler diýlende, 20-den 21-ne, 22-den 23-ne, 24-den 25-ne, 26-dan 27-ne, 28-den 29-na geçilýän gijeler göz öňünde tutulýar.
Eýsem, Gadyr gijesini nähili bilip bolar? Hadyslarda, ylmy eserlerde ýazylmagyna görä, Gadyr gijesinde howa açyk we mylaýym bolýar. Sowuk hem bolmaz, yssy hem bolmaz. Ertesi irden Gün şuglasyz,  ýagny solaksy-gyzyl reňkli dogýar (Günüň doguşy öňkülerden parhlydyr). Käbir alymlaryň ýazmagyna görä, Gadyr gijesiniň esasy alamatlarynyň biri ertesindäki Günüň şuglasyz dogýandygydyr.

Gadyr gijesiniň esasy 4 sany alamaty bar diýilýär. Birinjisi, ertesi irden Günüň şuglasyz dogýandygy. Ikinjisi, Gadyr gijesinde Aýyň des-deň ikä bölünen tabagy ýatladýandygy.

Üçünjisi, howanyň ýakymly bolýandygy, ýagny yssy hem däl, sowugam däl. Dördünjisi, şol gijäniň üýtgeşik bir ýakymly, nurana bolýandygy we şol gije ýyldyz süýnmeýändigi. Ýene bir alamaty Gadyr gijesinde asman açyk bolýar, güýçli şemal öwüsmeýär, adamlar özlerini örän ynjalykly, göwnügiň duýýarlar.

Ymam Şagrany hezretleri Gadyr gijesini bilmegiň özboluşly usulyny öňe sürüpdir. Onuň pikirine görä, Remezan aýy ýekşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 29-njy gijedir. Duşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 21-nji gijedir. Sişenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 27-nji gijedir. Çarşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 19-njy gijedir. Penşenbe güni başlasa, gadyr gijesi 25-nji gijedir. Anna güni başlasa, Gadyr gijesi 17-nji gijedir. Şenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 23-nji gijedir.
2021-nji ýylda Remezan aýy sişenbe güni (13-nji aprelde) başlady. Ýokarky hasaba esaslansak, bu ýylky Gadyr gijesi Remezanyň 27-nji gijesine, ýagny 8-nji maýdan 9-njy maýa geçilýän gijä gabat gelýär. 

şu gün 14:16
477

Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar...

şu gün 13:12
2.5k+

ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy

Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar...

şu gün 12:26
640

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar. Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar...

şu gün 11:47
661

Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy

2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy...