Melebaş — ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

  • 25.04.2022 08:00
  • 31k+

23-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda guralan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi we ýeňijä mynasyp bolan baýragy gowşuryldy.

«Türkmenistan» gazetinde berlen habara görä, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimli maksatnamasynda mynasyp orun alan bäsleşikde deslapky tapgyrlarda ahalteke tohum atlarynyň arasyndan iň oňat wekilleriniň saýlanyp alnan 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylyp, olaryň her biri eminleriň öňünden iki gezek geçirildi. Bedewler birinji gezekde bezegsiz, ikinji gezekde bolsa bezelen şaý-sepli görnüşinde emin agzalarynyň öňünden geçdiler.

Ýeri gelende bellesek, jemleýji tapgyra çykan atlar meşhur ata-babalaryndan gaýdýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär. Şunda köp sanly janköýerler arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Bäsleşigiň netijelerine görä, 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, 2015-nji ýylda doglan Melebaş atly bedew yglan edildi. Ol meşhur Gyrsakaryň ugruna degişlidir. «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanynyň baş baýragy bolan «Lexus» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.


şu gün 12:36
1.3k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

düýn 11:17
8.2k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:54
6.7k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......

23.05.2026 15:48
5.6k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....