Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy: Ram Nath Kowind Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

  • 25.04.2022 08:02
  • 3.6k+

Prezident Ram Nath Kowind Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

«Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar taryhy we siwilizasion baglanyşygy bilen tapawutlanýar. Biz hyzmatdaşlygymyzy köp ugurlar boýunça, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we köptaraplaýyn forumlaryň çäklerinde üstünlikli ösdürýäris. Munuň özi uly ähmiýete eýedir» diýip, Ram Nath Kowind gutlag hatynda Türkmenistana ýaňy-ýakynda amala aşyran saparyny iň ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......