Hyundai sürüjiniň gözüni skaner etmäge patent aldy

  • 22.04.2022 16:02
  • 8.7k+

Eýýäm şu wagt käbir ulaglar sürüjini barmak yzyndan tanamak ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar. Meselem, Toyota Land Cruiser 300-iň täze neslinde we Genesis GV70 krossowerinde şeýle opsiýa bar. Ýöne Hyundai has ileri gitmegi ýüregine düwdi we ABŞ-da sürüjiniň gözüniň nemli bardasyny skaner etmäge mümkinçilik berýän ulgama patent aldylar diýip, The Drive neşiri habar berýär.

Gözüň nemli bardasy gaýtalanmasyz hasaplanýar (emma nazaryýetde gabat gelme bolup biler). Ýöne, barmak yzynyň skanerinden tapawutlylykda, munda tanamaklygy galtaşmazdan edip bolar - mysal üçin, sürüjä panele seretmek ýeterlik, şundan soň ulag eýesini tanap, hereketlendirijini işleder.
Dogry, bärden gaýdýan bir ýeri hem bar - ulagyny otlamazdan ozal sürüji, mysal üçin, Günden goraýan äýnegini çykarmaly bolar. Ýöne pikirlenseň, bu kyn işem däl. Aýratynam, şu ulgam arkaly ulagyň alnyp gaçylmadan goraglylygy ýokary bolar.
Ozal Hyundai-iň sürüjini ýüzünden tanamak ulgamyny işläp taýýarlandygyny bellemek gerek. Täze Face Connect tehnologiýasyny, ilki bilen, baýraklyk Genesis  ulaglaryna goýmakdan başlarlar.


08.05.2026 16:04
3.9k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....

06.05.2026 01:36
3.9k+

Täze Elantra N 2027 täze hereketlendiriji bilen Nýurburgringde synagdan geçirilýär

Hyundai N sport setiri üçin täze hereketlendirijini Nýurburgringde synagdan geçirýär. Elantra N1 RP-iň prototipi güýç gurluşynyň ygtybarlylygy synagdan geçirilýän “Nýurburgringiň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşýar....

29.04.2026 11:53
4k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......

31.03.2026 22:22
5.2k+

Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur

Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe......