The Sun: Ronaldu "Norwiç" bilen oýunda het-triki üçin bonus görnüşinde 1 mln ýewro alar

  • 17.04.2022 22:04
  • 17k+

"Mançester Ýunaýtediň" portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Angliýanyň premýer-ligasynyň 33-nji tapgyrynda "Norwiç" bilen bolan oýunda görkezen het-trikinden soň, bonus görnüşinde 1,1 mln-dan dollardan gowrak (850 müň ýewro) pul alar. Bu barada The Sun gazeti habar berýär.

Duşuşyk 16-njy aprelde Mançesterde "Old Trafford" stadionynda geçdi we ýer eýeleriniň peýdasyna 3:2 hasap bilen tamamlandy. Ronaldu üç gol geçirdi (ýedinji, otuz ikinji, ýetmiş altynjy minutlarda).
Şu möwsümde Ronaldu  "Mançester Ýunaýtediň" düzüminde ähli turnirlerde 21 gol saldy. 20 pökgi belgisinden geçen portugaliýaly oýunçy şertnamadaky bonuslar hakyndaky bölümçäni işjeňleşdirmäge girişdi - munuň üçin ol 750 müň funt sterling (979 müň dollar) alar. Üstesine, ýene 100 müň funt sterlingi (130 müň dollary) oňa het-triki üçin bererler..
Bonus işjeňleşenden soň, Ronaldu indi her goluna 100 müň funt sterling alar, eger 37 ýaşly hüjümçi möwsümde Mançester Ýunaýtediň iň gowy bombardiri bolaýsa, onda ýene 1 mln funt sterling (1,3 mln dollar) onuňky bolar.


şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......