UEFA Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalçylary belli boldy

  • 15.04.2022 07:08
  • 8.3k+

UEFA Konferensiýalar ligasynyň ýarym final tapgyryna çykan klublar belli boldy. Ýaryşy iňlisleriň «Lester», italýanlaryň «Roma», niderlandlaryň «Feýenoord» we fransuzlaryň «Marsel» klublary dowam eder.

1/4 finalda PSW-den üstün çykan «Lester Siti» (0;0, 2:1) ýarym finalda «Budö-Glimti» ýeňen «Roma» (1:2, 4:0) bilen duşuşar.
Çärýek finalda «Slawiýadan» üstün çykan «Feýenoord» (3:3, 3:1) ýarym finalda PAOK-dan üstün çykan «Marsel» (2:1, 1:0) bilen duşuşar.
UEFA Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final duşuşyklary 27-nji we 28-nji aprelde, jogap oýunlary 4-nji we 5-nji maýda geçiriler. Ýaryşyň finaly 25-nji maýda Tiranada (Albaniýa) «Arena Kombetare» stadionynda geçiriler.


düýn 20:02
5.4k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.1k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.1k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.8k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......