FIFA dünýä çempionatynyň açylyş oýnuny üýtgetdi

  • 03.04.2022 05:47
  • 21k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň oýunlarynyň senenamasyny neşir etdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

21-nji noýabrda açylyş oýnunda A toparçada çykyş edýän Senegalyň we Niderlandlaryň toparlary duşuşar, oýun Aşgabat wagty bilen 15:00-da başlar. Duşuşyk Doha şäherindäki “Al-Tumama” stadionynda geçiriler. Ilkibaşda açylyş oýnunda A toparçada çykyş edýän Kataryň we Ekwadoryň toparlary oýnamalydy, ýöne olaryň duşuşygy sagat 21:00-a süýşürildi.

Hojaýyn ýurduň milli ýygyndysy 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň ilkinji oýnunda oýnamaz, şol wagt ýaryş Ýaponiýada we Günorta Koreýada geçirildi, açylyş oýnunda Fransiýa bilen Senegalyň toparlary (0:1) oýnady. Adatça, ýaryşyň ilkinji oýny ýaryşy kabul edýän ýurduň toparynyň gatnaşmagynda geçirilýär. 

Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde B toparçada çykyş edýän ýygyndylaryň hem oýny bolar. Angliýalylar Dohadaky “Halifa” halkara stadionynda Eýranyň toparyna garşy oýnar (sagat 18:00-da başlar). ABŞ-nyň milli ýygyndysy Şotlandiýanyň, Uelsiň we Ukrainanyň toparlarynyň arasynda pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi bilen duşuşar, oýun Er-Raýýan şäherindäki “Ahmad bin Ali” stadionynda geçiriler we 0:00-da başlar.

Final oýny 18-nji dekabrda “Lusail” stadionynda bolup, 20:00-da başlar. Üçünji orun üçin oýun bir gün öň Al-Raýan şäherindäki “Halifa” halkara stadionynda geçiriler. Oýun 20:00-da başlar. 


şu gün 14:35
381

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.1k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......