«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar

  • 24.08.2025 16:45
  • 6.2k+

«Barselona» futbol kluby 2025/26 möwsüm üçin üçünji egin-eşik toplumyny görkezdi. Hansi Fligiň topary 2014/15 möwsüminden bäri ilkinji gezek mämişi köýnekçede meýdana çykar. Klub taryhynda bu reňk sekizinji gezek ulanylar.

Ilkinji gezek mämişi forma 1991/92 möwsüminde peýda bolupdy. Şol döwürde «Barselona» ilkinji gezek Ýewropa çempionlarynyň Kubogyny gazandy (bu ýaryş şol ýyl soňky gezek şeýle at bilen geçirildi, soňraky möwsümden «Çempionlar ligasy» adyny aldy). Finalda katalonlylar Ronald Kumanyň goly bilen «Sampdoriýany» ýeňdi.
Soňra bu reňke klub 1997/98 we 1998/99 möwsümlerinde dolandy. Şol ýyllarda Lui wan Galyň ýolbaşçylygynda topar yzly-yzyna iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.
2006/07 möwsüminde Frank Raýkardyň döwründe «Barselona» doly mämişi lybasy bilen oýnady we Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Şol döwürde bu formada Puýol, Hawi, Inýesta, Messi we Ronaldinýo oýnady.
2009-njy ýylda Hosep Gwardiolanyň topary mämişä ýakyn reňkdäki formany geýipdi. Şonda katalonlar taryhy «seksteti» gazanyp, bir ýylyň içinde mümkin bolan kuboklaryň ählisini, şol sanda Klublaýyn dünýä çempionatyny hem gazandylar.
2012/13 möwsüminde klub sary-mämişi eşikde çykyş etdi we çempionatda rekord derejede 100 utuk toplady. Iň soňky doly mämişi toplum bolsa 2014/15 möwsüminde Luis Enrikeniň ýolbaşçylygynda ulanyldy. Şonda topar öz taryhynda ikinji gezek «trebl» gazandy.


düýn 15:42
5.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......