Türkmenistanda döwlete degişli birnäçe desga bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrylar

  • 01.04.2022 10:52
  • 16k+

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak hem-de hususylaşdyrmak üçin kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Onuň netijeleri barada 31-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow hasabat berdi.

Geçirilen işleriň netijelerine laýyklykda, birnäçe desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär. Bu tekliplere Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlislerinde bellenen tertipde seredildi hem-de birnäçe desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak, döwlet edarasyna degişli paýnamany bolsa gazna biržasynyň üsti bilen ýerlemegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, bu ugurda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


düýn 19:01
1.1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......