Marca: Mbappe şu hepde “Real” bilen şertnama baglaşar

  • 14.03.2022 15:59
  • 10k+

“PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe Madridiň “Realy” bilen şertnama baglaşmaga ýakyn. Bu barada “Marca” neşiri habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, “Real” 23 ýaşly fransiýaly oýunçy bilen şertnama baglaşmagy indiki anna gününe çenli tamamlamak isleýär. Mbappeniň “PSŽ” bilen şertnamasynyň möhleti bolsa şu tomus tamamlanýar. 
Soňky günler taraplaryň arasyndaky gepleşikler hasam işjeňleşdi we bu öňümizdäki hepdäniň ortalarynda ähli resmileşdirme hereketleriniň ýola goýuljakdygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, Mbappeniň Fransiýanyň çempionatynda rahat oýnamagy üçin şertnama barada möwsümiň ahyryna çenli resmi taýdan habar bermek göz öňünde tutulmaýar.  
KHBS Kilianyň “Realdan” topara goşulandygy üçin 60 – 80 mln ýewro möçberinde bonus aljakdygyny belleýär. Hüjümçiniň Madrid klubunda zähmet haky hem bir möwsüm üçin, takmynan, 25 mln ýewro bolar.
Ýatlap geçsek, “PSŽ” Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýnunda “Realdan” utuldy (öýde 1:0, myhmançylykda 1:3) we ýaryşdan çykdy. Bu oýunda parižliler üçin iki goly Mbappe geçirdi.
Häzirki möwsümde Mbappe “PSŽ” üçin ähli ýaryşlarda 35 oýna gatnaşyp, 25 gol saldy we 17 netijeli geçirim etdi. 


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......