Alpina brendi BMW kompaniýasynyň düzümine girdi

  • 14.03.2022 15:18
  • 7.4k+

Alpina nemes firmasy BMW awtoulaglarynyň kuwwatly wersiýalarynyň üsti bilen giň meşhurlyk gazandy. Ýaňy-ýakynda brend BMW kompaniýasynyň düzümine girizildi.

Alpina 1983-nji ýylda resmi ýagdaýda ulag öndürijiniň statusyna eýe boldy. Geçen ýyl kompaniýa täze rekord goýmany başardy - 2000 gowrak BMW Alpina awtoulagyny goýberdi. Emma ekologik kadalaryň we sertifikasiýa talaplaryň berkemegi netijesinde Alpina kimin garaşsyz kompaniýalar işini dowam etdirip bilmedi. Şol sebäbe görä, esaslandyryjylar brendi üýgedip gurmagy karar etdiler.

Indi markanyň ähli hukuklary BMW konsernine geçirildi. Geçirilen geleşigiň bahasy barada habar berilmedi. Bir zat mälim, ol hem BMW brende diňe 2025-nji ýyldan soň ýolbaşçylyk edip biler, sebäbi Alpina bilen BMW-niň arasynda hyzmatdaşlyk  hakyndaky ylalaşyk 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli güýjünde galýar.

Ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda BMW Alpina ulag serişdelerini proýektirlemek we goýbermek bilen Buhloe önümçilik meýdançasy meşgullanar. Deslapky maglumatlara görä, bazara täze modelleriň goýberilmegine garaşylýar. 

şu gün 11:52
394

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

düýn 20:53
3.1k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

düýn 17:35
3.4k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

düýn 12:41
2.6k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......