«Bawariýa» Çempionlar ligasynyň rekordyny täzeledi

  • 09.03.2022 17:59
  • 8.8k+

Mýunheniň “Bawariýasy” taryhda 20-nji gezek Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna çykdy. Bu barada Opta Franz-yň twitterinde habar berilýär.

Mýunhenliler Çempionlar ligasyna çykmak boýunça öz rekordyny täzeledi. Başga toparlaryň hiç birisi 1/4 finala şeýle köp çykmandy. Ýöne bu görkezijä Ispaniýanyň “Barselona” topary has ýakyn – ol dörtden bir final tapgyryna 18 gezek gatnaşdy.
9-njy martda “Bawariýa” 2021/2022-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýnunda Awstriýanyň “RB Zalsburg” toparyny kabul etdi. Oýun Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki “Alýans-Arena” stadionynda geçirildi. Duşuşyk 7:1 hasabynda mýunhenlileriň peýdasyna tamamlandy. Birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.
“Bawariýadan” başga-da, dörtden bir finala Angliýanyň «Liwerpul» topary çykdy. Ol iki oýunda-da Milanyň «Interinden» güýçli boldy (2:0, 0:1).


şu gün 13:42
1.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......