Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (7-nji bölüm)

  • 04.03.2022 18:40
  • 16k+
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (7-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm

Eger ulanmagy başarmasak, hiç hili pul netije bermez. Sen ýoluny urduryp, soňra yzyny tapan ogul baradaky hekaýaty bilýäňmi?
Hekaýa tanyş ýaly bolup görünse-de, ýaş ýigidiň ýadyna düşmedi.
— Bir baý mülkdaryň iki sany ogly bolupdyr. Kiçileri kakasynyň ýoly bilen gitmäge höwesi bolmandyr. Şonuň üçinem ol syýahata gitmek maksady bilen kakasyndan öz miras paýyny talap edipdir. Bu zatlar kakasyny gynandyranam bolsa, ol onuň miras paýyny berip, gitmäge ygtyýar beripdir. Ýaňky oglan özi ýaly oglanlaryň arasynda jalaýlyk edip, ajaýyp zatlary satyn alypdyr, olaryň lezzetini görüpdir, ýöne aradan salym wagt geçenden soň, bar puly gutarypdyr. Şonuň üçinem ol näme etjegini bilmän, iki elini burnuna sokup, utançly halda kakasynyň öýüne dolanypdyr.
Ýoluny urduran ýigit öz syýahatyna ullakan baýlyk bilen başlanam bolsa, ony hiç zatsyz gaty bahym tamamlaýar, sebäbi ol puldan nähili girdeýji almany bilenok.
Iki ýoldaş jeňňelden çykyp, ýodajyga bakan öwrüldi. O taýdan baýryň depesine basgançakly ýol gidýärdi.
— Görşüň ýaly, baýlyk diýeniň ýöne-möne zat däl — diýip, garry gürrüňini dowam etdi. — Eger ony ulanmany, ösdürmäni bilmeseň, gaty bahym eliňden sypdyrarsyň.
— Muny nädip öwrenmeli? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi.
Garry ýylgyrdy-da, düşündirmäge başlady:
— Sen, ilki bilen, şu dünýäniň hemem oňa degişli zatlaryň Tebigatyň Kanunyna boýun bolýandygyna düşün. Bu kanunlaryň köpüsi bize mälim. Meselem, fizikadan ýeriň dartyş kanunyny bilýäris: eger almany ýokary oklasak, ol hökman ýere gaçýar. Mundan başga-da, bu dünýäde kislorodsyz ýaşaýyşyň mümkin däldigini bilýäris. Şular ýaly kanunlar kän, ýöne olaryň käbirleri gönüden-göni Hakyky Baýlyk barada bolup, bu adamlaryň aglabasyna syr.
Olar baýryň depesine barýan ýoluň ortasyna golaýladylar, ýaş ýigit ýadanlygy sebäpli demini zordan alýardy, ýöne garry hiç zat bolmadyk ýaly arkaýyn gürleýärdi. Haçan-da, olar baýryň depesine çykanda, ýaş ýigit oňa bakan öwrüldi.
— Şeýlelikde — diýip, ýaş ýigit demini dürsäninden soň gürrüňe başlady, — bu syrlar nämeden ybarat?
— Tebigatyň beýleki syrlary ýaly, Hakyky Baýlygyň syrlarynyň gapysy her bir adam üçin açyk. Seniň bir etmeli zadyň — gerekli soraglary gerekli adamlara bermeli. Al, bu saňa gerek bolar — diýip, ol bir eplengi kagyzy ýaş ýigide uzatdy.
Ýaş ýigit haýdap onuň gatyny açyşdyrdy, ýöne geň ýeri — o taýdan hiç hili syr, hiç hili jadyly söz ýokdy. Onda on sany adamyň ady hemem telefon belgisi bardy. Ol gabagyny ýokary göterende, garry eýýäm gürüm-jürüm bolan eken.
Ol daş-töweregine garanjaklady, ýöne itini gezdirip ýören iki sany adamdan başga hiç kime gözi düşmedi.
— Bagyşlaň — diýip, ýaş ýigit olaryň ýanyna golaýlady. — Siz ýanym bilen gelýän garryny görmediňizmi?
Jogap bermezden ozal gartaşan erkekdir aýal daş-töweregine äňetdi.
— Men-ä siziň ýanyňyzda adam görmedim — diýip erkek kişi aýtdy. — Sen gördüňmi, Etel? — diýip, ol ýoldaşyna ýüzlendi.
Onuň ýany bilen gelýän aýal başyny ýaýkady.
— Ýok.
— Ýöne siz egni maşk geýimli garry hytaýlyny görmeli ahyryn — diýip, ýaş ýigit janykdy.
— Bagyşlaň — diýip, erkek kişi gaýtalady, — men-ä siziň ýanyňyzda adam görmedim.
Ýaş ýigit ýuwaşjadan gelen ýoly bilen yzyna gaýtdy. Ol garrynyň birden gürüm-jürüm bolşuna düşünip bilmedi. Onsoňam itini gezdirip ýören erkekdir aýal ony näme üçin görmedikä? Belki, garry onuň gözüne görnendir ýa-da hyýalyndaky bir zatmyka? Ýöne ol elini jübüsine sokan badyna, bu zatlaryň hyýaly bir zat däldigine düşündi. Garry, dogrudanam, onuň ýanynda bolupdy. Muňa on sany adamyň ady hemem telefon belgisi ýazylan şol eplengi kagyz subutnama bolup biljekdi.

(Dowamy bar).


26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...