Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar

  • 28.02.2022 18:44
  • 19k+

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Dana Uaýt bilen Islam Mahaçewiň geljegi barada maslahatlaşandygyny beýan etdi. Russiýaly türgen ESPN MMA ýaýlymynda çykyş etdi.

33 ýaşly Nurmagomedowyň bellemegine görä, UFC Mahaçewi ýeňil agramda häzirki çempion Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Jastin Getjiniň tutluşygynyň ýeňijisi bilen çykarmak isleýär. Şeýlelikde, Uaýt Mahaçewi guşaga dalaş edip bilerlik derejede görýändigini aňlatdy.
Mahaçew Las-Wegasda geçirilen UFC ýaryşynda Bobbi Grinden üstün çykdy. Russiýaly türgen guramanyň çäginde dowamly ýeňişleriniň sanyny ona ýetirdi.
Ilkibaşda Mahaçew Beneil Dariuş bilen söweşmelidi. Emma amerikaly türgen şikes alyp, söweşden ýüz öwürmeli boldy.
Oliweýra we Getji titul söweşini maý aýynda geçirer. Tutluşyk Braziliýada UFC-de geçiriler.


22.06.2026 14:40
4.1k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....